2021-nji ýy­lyň 15-nji de­kab­ryn­dan 2022-nji ýy­lyň 29-njy ýan­wa­ry ara­ly­gyn­da BAE-de her ýyl­ky Du­baý söw­da fes­ti­wa­ly (Du­bai Shop­ping Fes­tival) ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da Du­ba­ýyň Sy­ýa­hat­çy­lyk we söw­da mar­ke­tin­gi de­par­ta­men­ti ha­bar ber­di. Bu ge­zek DSF se­ne­le­ri Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si «Eks­po – 2020» we BAE-niň Al­tyn ýu­bi­leý da­ba­ra­la­ry­na ga­bat ge­lip, bu ýag­daý Du­ba­ýyň howp­suz we köp ugur­ly sy­ýa­hat ug­ry hök­mün­de de­re­je­si­ni tas­syk­la­ýar.
Teatr oýun­la­ry, öz­bo­luş­ly ser­gi­ler, çy­kyş­lar, maş­ga­la­lar üçin güý­men­je­ler, dron oýun­la­ry, fe­ýer­werk we baş­ga-da köp san­ly çä­re­ler Du­baý söw­da fes­ti­wa­lyn­da myh­man­la­ra ga­raş­ýar. Däp bol­şy ýa­ly, 46 gü­nüň do­wa­myn­da ýö­ri­te ma­ha­bat we giň ge­rim­li ar­zan­la­dyş­lar bi­len myh­man­la­ry be­gen­dir­jek fes­ti­wal­da öň­de­ba­ry­jy dün­ýä we ýer­li mar­ka­lar gat­na­şar­lar. Şeý­le hem bu ýyl Du­baý söw­da fes­ti­wa­ly­nyň çäk­le­rin­de Burj se­ýil­gä­hin­dä­ki meş­hur OTB mar­ke­ti we Al-Se­ef et­ra­byn­da­ky DSF mar­ke­ti ýa­ňa­dan öz işi­ne baş­la­ýar.
– Bu ýyl­ky gu­ral­ýan söw­da çä­re­si­niň has uly söw­da şü­we­le­ňi «World Expo 2020» we BAE-niň Al­tyn ýu­bi­le­ýi­ne ga­bat gel­ýär. Çä­re­le­riň baý mak­sat­na­ma­syn­dan baş­ga-da, myh­man­lar hö­dür­len­ýän ha­ryt­lar­dan we söw­da­lar­dan ho­şal bo­lar­lar. Biz emir­li­giň ýa­şaý­jy­la­ryn­da we bu ýe­re gel­ýän ja­han­keş­de­ler­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­mak mak­sa­dy bi­len hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len has ýa­kyn­dan iş­leş­mek ni­ýe­ti­miz bar – di­ýip, «Du­bai Fes­tivals and Re­ta­il Es­tab­lish­ment» (DFRE) eda­ra­sy­nyň baş mü­di­ri Ah­med Al Haj­ja aýt­dy.