19-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüldi.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýiniň bellenilýän ýylynda ulanmaga berilýän täze myhmanhana uly toýumyza mynasyp sowgatdyr. Merjen paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrjak ýene-de bir ajaýyp binadyr. Munuň özi ýurdumyzda şu ýyl ulanmaga berilýän 70-nji iri desgadyr.
Köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň sentýabrynda badalga berildi. A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň ýanynda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan täze myhmanhana-işewürlik toplumy özüniň täsin keşbi bilen tapawutlanýar. Onda gurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy ýörelgeler milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu taslamany durmuşa geçirmek ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän “Rönesans Holding” türk kompaniýasyna ynanyldy.
Oteliň ady bilen sazlaşyklylykda onuň binagärliginde we bezeginde Türkmenistanyň täsin tebigy gymmatlyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň, onuň ajaýyp ýerleriniň keşbi öz beýanyny tapdy. Öz aralarynda sazlaşykly birleşdirilen toplumyň merkezi hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýada salýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli keşbi ýatladýar. Garagum sährasynyň çägeleriniň altynsow reňki oteli bezeýän aýnalarda hem öz beýanyny tapdy.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Täze myhmanhana-işewürlik toplumynyň öňünde sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda saýlanyp alnan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp etdiler.
Oteliň binagärliginde we bezeginde Garagum sährasynyň keşbi öz beýanyny tapdy
Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýelejek bu myhmanhanada hyzmatyň häzirki zaman ösen talaplaryna laýyk gelýän şertler döredildi. Ýedi gatdan ybarat, umumy meýdany 6,8 gektar bolan bu ajaýyp myhmanhanada ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň rahat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Myhman otaglarynyň 87-sinde hem gelýän adamlary türkmen myhmansöýerligi bilen garşylamaga we olara hyzmat etmäge ähli şertler göz öňünde tutuldy. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän otelde myhmanlara amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 8 sany işewürlik merkezi, ak öý şekilinde gurlan 500 orunlyk toý zaly, 150 orunlyk restoran, mejlisler we maslahatlar zallary, dürli harytlary hödürleýän dükanlar bar. Mundan başga-da binanyň düzüminde myhmanhananyň edara otaglary, bank hyzmatlaryny edýän bölümçe ýerleşýär.
Köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteli täsin bezegi, innowasion inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Onuň gurluşygynda, timarlamak işlerinde ýokary hilli serişdeler, şol sanda granit, mermer we beýlekiler ulanyldy. Olary seçip almakda bu serişdeleriň ulanyş häsiýetnamalary, hususan-da, berkligi, ygtybarlylygy, ekologik talaplara laýyk gelýändigi hem-de Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda toplumyň ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edildi.
Otele girenlerinde, myhmanlar, ilki bilen, ajaýyp bezegi bilen tapawutlanýan giň merkezi eýwana barýarlar. Binada 87 sany otag — 17-si standart, 8-si maşgala, 47-si lýuks, 15-si kaşaň lýuks otaglary ýerleşýär. Olar jemi 204 orna niýetlenendir. Mundan başga-da “Garagum” otelinde medeniýetli dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin degişli düzüm göz öňünde tutuldy. Restoranlar, SPA bölümi, dürli trenažýorlar bilen enjamlaşdyrylan fitnes zaly, üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony myhmanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde 500 orunlyk toý mekany bar. Şeýle hem dükanlar, lukmançylyk nokady göz öňünde tutuldy.
Toplumyň düzümine girýän köpugurly işewürlik merkezinde işewürleriň duşuşyklaryny, gepleşikleri we dürli görnüşli çäreleri geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikler üpjün edildi.
Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Suw çüwdürimleri guruldy, agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, dürli güller ekildi. Toplumyň golaýynda ýaýlyp gidýän täze ýaşyl zolak ýerli landşaftyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.