Düzümindäki ýyldyzlara garamazdan, Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda yzly-yzyna ýeňlişe sezewar bolan Urugwaýyň ýygyndysynda tälimçi Oskar Tabares wezipesinden boşadyldy. 74 ýaşyndaky tälimçi 2006-njy ýyldan bäri Urugwaýyň ýygyndysyna tälim berip gelýärdi. Urugwaýyň milli ýygyndysy onuň 15 ýyllyk tälimçilik döwründe 2010-njy Dünýä Kubogynda ýarym finala çykyp, 4-nji orny eýeledi. 2011-nji ýylda Kopa Amerikanyň çempionlygyny gazandy.

Tabares Urugwaýyň ýygyndysyna 1988-90-njy ýyllarda-da tälim beripdi. Ol karýerasy boýunça Boko Huniors, Milan, Kaliari, Weles Sarsfild ýaly klublarda-da tälimçi bolupdy.

Urugwaýyň ýygyndysy 14 oýundan soň 16 utuk bilen 7-nji ýerde barýar.