Amerikan aýdym-saz baýraklarynyň 49-njy gowşurylyş dabarasy Los Anjeles şäherinde geçirildi. Kardi B-niň alyp baran dabarasynda Günorta Koreýanyň dünýä belli aýdym-saz topary BTS üç baýrak gazandy. BTS ýylyň sungat işgäri baýragyna laýyk görüldi. BTS topary bu ugurda Ariana Grande, Dreýk, Oliwiýa Rodrigo, Teýlor Swift hem-de The Weeknd dagydan tapawutlanmagy başardy. K-popuň iň görnükli wekili hasaplanýan topar ýylyň pop topary, şol sanda olaryň “Butter” aýdymy-da ýylyň iň gowy pop aýdymy diýlip saýlandy.

Ýylyň täze sungat işgäri diýlen ugurda baýraga ýaş aýdymçy gyz Oliwiýa Rodrigo mynasyp boldy. Ýylyň şärikdeşligi diýlen ugurda Doja Cat bilen SZA-nyň bilelikdäki “Kiss Me More” atly aýdymy saýlandy. Lil Nas X-yň “Montero (Call Me By Your Name)” aýdymy-da ýylyň iň gowy görlen şekilli aýdymy diýlen ugurda tapawutlandy. Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ýylyň zenan pop aýdymçysy, şeýle-de “Evermore” atly albomy üçinem ýylyň pop albomy baýraklary bilen sylaglandy.

Iňlis aýdymçysy Ed Şiran ýylyň erkek pop aýdymçysy diýlen ugurda Dreýk, Jastin Biber, Lil Nas X hem-de The Weekend-den öňe saýlandy. Aýdym-sazyň hip-hop görnüşinde Dreýk ýylyň erkek, Megan Thee Stallion ýylyň zenan aýdymçylary baýraklaryna laýyk görüldi. Megan Thee Stallion ýylyň “trend” aýdymy baýragyna mynasyp boldy. Kantr aýdym-saz görnüşi boýunça-da erkekleriň arasynda Lýuk Braýan, zenanlardan Karri Anderwud sylaglandy. R&B aýdym-saz görnüşinde-de heýkeljikleri The Weekend bilen Doja Cat eýelemegi başardy.