Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli daşary syýasat ugurlarynyň biri halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly ýene-de ençeme guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len al­nyp ba­ryl­ýan oňyn hem-de stra­ge­tik hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­da­wy­na eýe bol­ýar. Bu gu­ra­man­yň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na yzy­gi­der­li saý­lan­ýan türk­men döw­le­ti onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len hem iş­jeň hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýar.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi hem-de Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy bi­len hem ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ber­kid­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz se­bit ba­bat­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy gu­ra­ma­sy bi­len oňyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Bu gu­ra­ma bir­nä­çe ge­zek baş­lyk­lyk eden ýur­du­my­zyň kä­bir şä­her­le­ri GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty de­re­je­si­ne eýe bo­lup, gu­ra­ma­nyň me­de­ni we yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne oňyn go­şant goş­dy.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň yzy­gi­derli hyz­mat­daş­lyk ed­ýän gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri hem Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­dyr. Ýurdumyz bu gu­ra­ma 1992-nji ýyl­da ag­za bo­lýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň 15-nji du­şu­şy­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len uly taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň YHG bi­len hyz­mat­daş­ly­gyna uly äh­mi­ýet be­rip, bu ab­raý­ly dü­zü­me yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­gam­la­ryn­da se­bit­le­ýin tas­la­ma­la­ry iler­let­mek bi­len meş­gul­lan­ýan iri hal­ka­ra gu­ra­ma­sy hök­mün­de ga­ra­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan se­bit­le­ýin we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam et­jek mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­di.

Il­kin­ji no­bat­da, ener­gi­ýa ge­çi­ri­ji­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, suw-ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge, se­bi­ta­ra ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mä­ge de­giş­li şol baş­lan­gyç­lar dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy.
Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy (YHG) – se­bit­le­ýin hö­kü­me­ta­ra yk­dy­sa­dy gu­ra­ma­ bo­lup, 1985-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Pa­kis­tan hem-de Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy gu­ra­ma­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­ler­dir. 1992-nji ýyl­da bu gu­ra­ma alyp bar­ýan hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da iş­jeň­leş­dir­di. Onuň dü­zü­mi­ne bir­nä­çe döw­let­ler go­şul­dy. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­la­ry onuň tä­ze ag­za­la­ry bol­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýyl YHG-da Baş­lyklyk edi­ji hem-de Gu­ra­ma­nyň ag­za döw­let­le­ri­niň Ýol­baş­çy­la­ry­nyň Sam­mi­ti­ni ka­bul ed­ýän ýurt hök­mün­de Türk­me­nis­tan gu­ra­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky bi­le­lik­dä­ki mak­sat­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ýyg­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na my­na­syp go­şan­dy­ny goş­dy.
Şeý­le hem paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da YHG-nyň ag­za döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň XV Sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de gu­ra­ljak işe­wür­ler fo­ru­my­nyň hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ol hem bu gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry, hu­su­sy işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da, hu­su­san-da, söw­da-yk­dy­sa­dy, oba ho­ja­ly­gy, do­kma se­na­ga­ty we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da no­bat­da­ky ädim bol­ar.

Gy­lyç­my­rat ORAZ­MU­HAM­ME­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ka­fed­ra mü­di­ri, uly mu­gal­ly­my.