Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny bar­ha art­dyr­ýan döw­le­ti­miz­de hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­lar we des­ga­lar yzy­gi­der­li ýag­daý­da gu­rul­ýar we ulan­ma­ga be­ril­ýär.
Şu ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan ýy­lyn­da iri göw­rüm­li des­ga­la­ryň en­çe­me­si gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Me­ýil­na­ma bo­ýun­ça ýu­bi­leý ýy­ly­myz­da 30 des­ga­ny ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tu­lan hem bol­sa, ulan­ma­ga ber­len iri göw­rüm­li des­ga­la­ryň sa­ny 70-e deň bol­dy.
Hormatly Prezidentimiziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da gur­lup ula­n­ma­ga ber­len 70-nji iri des­ga – paý­tag­ty­my­zyň gö­zel keş­bi­ne görk goş­ýan kö­pu­gur­ly işe­wür­lik mer­kez­li ka­şaň «Ga­ra­gum» ote­li bol­dy.

A.Ny­ýa­zow şa­ýo­ly bi­len Ho­ja Ah­met Ýa­sa­wy kö­çe­si­niň çat­ry­gy­nyň ýa­nyn­da, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da gur­lan tä­ze myh­man­ha­na-işe­wür­lik top­lu­my tä­sin keş­bi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de, işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­jek bu myh­man­ha­na­da hyz­ma­tyň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän şert­ler dö­re­dil­di. Ýe­di gat­dan yba­rat, umu­my meý­da­ny 6,8 gek­tar bo­lan bu aja­ýyp myh­man­ha­na­da ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ry ka­bul et­mek, ola­ryň ra­hat dynç al­ma­gy, dür­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Bi­na­da 87 sa­ny otag – 17-si stan­dart, 8-si maş­ga­la, 47-si lýuks, 15-si ka­şaň lýuks otag­la­r ýer­leş­ýär. Olar je­mi 204 or­na ni­ýet­le­nen­dir. Myh­man otag­la­ry­nyň 87-sin­de-de gel­ýän adam­la­ry türk­men myh­man­sö­ýer­li­gi bi­len gar­şy­la­ma­ga we hyz­mat et­mä­ge äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy.
Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän otel­de myh­man­la­ra amat­ly iş we dynç alyş şert­le­ri­ni dö­ret­mek üçin 8 sa­ny işe­wür­lik mer­ke­zi, ak öý şe­ki­lin­de gur­lan 500 orun­lyk toý za­ly, 150 orun­lyk res­to­ran, mej­lis­ler we mas­la­hat­lar zal­la­ry, dür­li ha­ryt­la­ry hö­dür­le­ýän dü­kan­lar bar. Mun­dan baş­ga-da, bi­na­nyň dü­zü­min­de myh­man­ha­na­nyň eda­ra otag­la­ry, bank hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän bö­lüm­çe ýer­leş­ýär. «Ga­ra­gum» ote­lin­de me­de­ni­ýet­li dynç al­mak we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin de­giş­li dü­züm göz öňün­de tu­tul­dy. Res­to­ran­lar, SPA bö­lü­mi, fit­nes za­ly, üs­ti ýa­pyk ýü­zül­ýän ho­wuz, gö­zel­lik sa­lo­ny myh­man­la­ryň hyz­ma­tyn­da­dyr.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň her bir gü­ni hem ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra bes­le­nip, hal­ky­my­za uly şat­lyk eçil­ýär. We­la­ýa­ty­my­zyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň her bi­rin­de tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­my­my­zyň be­dew ba­dy, ýur­du­myz­da hö­küm sür­ýän ag­zy­bir­li­giň, je­bis­li­giň güý­ji aý­dyň du­ýul­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gahryman Arkadagymyz gur­lu­şyk ul­ga­my­na hem uly üns ber­ýär, ýur­du­myz­da gö­zel­li­giň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan gur­mak, dö­ret­mek ýo­lu­ny sun­gat de­re­je­si­ne ýe­tir­ýär.
Bu­la­ryň hem­me­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ky­my­zy aja­ýyp bi­na­lar­da, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şat­mak üçin alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len gu­rul­ýan bi­na­la­ryň her bi­ri gaý­ta­lan­ma­jak keş­be eýedir.
Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel keş­bi­ne görk goş­ýan «Ga­ra­gum» myhmanhanasynyň açyl­ma­gy hal­ky­my­zyň baş şä­he­ri­mi­ze bo­lan söý­gü­si­ni has-da art­dyr­dy. Bu aja­ýyp bi­na Ga­ra­gum säh­ra­sy­ny ýa­da sal­ýar. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gin­de ýer­le­şen ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da gur­lan hem-de Ga­ra­gu­muň üm­mül­mez de­pe­le­ri­ni ýat­lad­ýan bu bi­na şu ýyl özü­niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy­ny bel­län «Azi­ýa­nyň mer­je­ni» bo­lan Aş­ga­ba­dyň myh­man­sö­ýer­li­gi­niň tä­ze­çe nus­ga­sy­na öw­rü­ler.
Oňa ýa­na­şyk ýer­de tä­ze «Er­kin» at­ly se­ýil­gä­hiň dö­re­dil­me­gi bol­sa er­ka­na dur­muş­da ýa­şa­ýan bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň «se­ýil­gäh­ler şä­he­ri­ne» öw­rü­len paý­tag­ty­my­za buý­san­jy­ny art­dyr­dy. Şeý­le aja­ýyp bi­na­la­ry, se­ýil­gäh­le­ri gur­du­ryp, mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dy has-da gö­zel­leş­dir­ýän hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun!

Sä­het DUR­DY­ÝEW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.