Koreýa Respublikasynyň Busan şäherinde suwuň ýüzündäki şäheriň gurluşygyna başlandy. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldaw berilýän taslamanyň çäklerinde gurulýan şäheriň 2025-nji ýylda tamamlanjakdygy mälim edildi. 75 gektar meýdany bolan şäheriň 10 müň ilaty boljakdygy aýdyldy. Şäheri emele getirýän adalar deňziň düýbüne taşlanan labyrlar arkaly suwuň ýüzünde durar. Binalaryň üçeklerindäki Gün panellerinden elektrik energiýasy öndüriler. Emeli adalarda süýji suw öndürýän desgalar we iýmit üçin ekerançylyk hem ýola goýlar. Bu taslama kenarýakalardaky iri şäherleriň golaýynda şeýle şäherleri durmuşa geçirmegiň näderejede netijeli boljakdygyny öwrenmäge-de ýardam eder. Adada haýsydyr bir suw joşmasyndan ýa-da silden goranmak maksady bilen suw bilen bilelikde ýokary göteriler ýaly infrastruktura ulanylýar. Şeýle hem suwuň düýbüne taşlanan labyr adalary güýçli ýelden hem gorar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin 200 million dollar özleşdiriler.
Aýna MAMYŞEWA,
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.