Müsüriň Lýuksor şäherinde Sfinksleriň gadymy seýilgäh düýpli abatlanandan soň, dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabara Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah el-Sisi, hökümet agzalary we daşary ýurt ilçileri gatnaşdy. Müsüriň gadymyýet ministri Halid al-Ananiniň pikiriçe, seýilgähiň açylyşyny aprel aýynda Kairde bolup geçen “faraonlaryň altyn ýörişi” bilen deňeşdirip bolar. Şeýle hem ol bu çäräniň ýurt üçin möhümdigini aýtdy.
Sfinksleriň abatlanan seýilgähiniň uzynlygy 2700 metre, ini 76 metre deňdir. Seýilgähiň gurluşygy 18-nji neberäniň faraonlarynyň dolandyran döwründe başlanypdyr. Seýilgähiň birinji böleginde goçuň kellesi we arslan bedenli sfinksler, ikinji böleginde bolsa 30-njy neberäniň faraonlarynyň döwründe gurlan ynsan kelleli sfinksler bar. Umuman, seýilgähde 1200 heýkel bar. Sfinksleriň gadymy seýilgähiniň durkuny täzelemek işleri geçen asyryň 40-njy ýyllarynda başlanypdy.
Müsürde uzak ýyllap dowam eden abatlaýyş işlerinden soň, faraon Joseriň aramgähi hem ýüze çykaryldy. Aramgäh Kairiň golaýyndaky Sakkarada ýerleşýär. Onuň ýaşy, takmynan, bäş müň ýyl töweregi bolup, dünýäniň iň gadymy daşdan salnan binasy hasaplanýar. Dikeldiş işleri 15 ýyl dowam etdi.