Dünýä boýunça koronawirusa garşy edilen sanjymyň dozasy 8 milliarddan geçdi. “Bloomberg” neşiri häzire çenli 8 milliard 1 milliondan gowrak doza sanjym edilendigini mälim etdi. Hytaýda 2 milliard 499 million doza sanjym edilipdir. Bu görkeziji Hindistanda 1 milliard 239 million bolupdyr. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda 638 million doza sanjym edilipdir. Sanjym etmekde ABŞ, Braziliýa, Indoneziýa, Ýaponiýa, Meksika, Russiýa, Pakistan we Germaniýa öňdäki orunlary eýeleýär.
Soňky 24 sagadyň dowamynda bolsa, 35,5 million doza sanjym edilendigi habar berildi. Dünýä ýurtlary şu ýylyň başynda koronawirusa garşy sanjym edip başladylar.