Ak Tam ener­gi­ýa çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len stra­te­gi­k äti­ýaç­lyk­ gorlar­dan 50 mil­li­on bar­rel ne­bi­tiň goý­be­ril­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ýa­kyn wagt­da ABŞ 32 mil­li­on bar­rel, soň­ra bol­sa ýe­ne-de 18 mil­li­on bar­rel ne­bit ulan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu­la­ryň soň­lu­gy bi­len ar­zan ba­ha­lar se­bäp­li stra­te­gi­k äti­ýaç­ly­ga gaý­dyp gel­jek­di­gi çak edil­ýär. «Pre­zi­dent Jo­zef Baý­den Ame­ri­ka­da ben­zi­niň ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tut­ýar» diý­lip, Ak Ta­myň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.