Kosmos syýahatçylygyny ösdürmek isleýän “Virgin Galactic” kompaniýasy 6 orunlyk “VSS Unity” kosmos gämisini işläp taýýarlaýar. Iňlis işewüri Riçard Bransonyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy kosmosa iki adamy tölegsiz äkitmegi maksat edinýär. Munuň üçin “Omaz” kompaniýasy bilen ylalaşyldy. Ýeriň aşaky orbitasyna gitmek üçin çekilen bije Antiguada ýaşaýan Keişa Şahafa çykdy. Bijede hersiniň bahasy 450 müň dollar bolan iki orun bar. Şol sebäpli ol gämidäki ikinji orny astrofizika boýunça ýokary bilim alýan gyzyna berjekdigini mälim etdi. Şahaf kosmosa çykmagyň özüniň çagalyk arzuwydygyny belleýär.
Bilet tölegsiz bolsa hem ony täjirçilik maksady bolmadyk “Omaz” kompaniýasy maliýeleşdirer. Bu pul serişdesini ýygnamak üçin kampaniýa yglan edilipdi.
Uçuşyň amala aşyryljak wagty mälim edilmedi. Şu ýylyň iýul aýynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Bransonyň hem gatnaşmagynda synag uçuşy amala aşyrylypdy.