Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleriniň – gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem ýurdumyzda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy üçin durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijesidir.
Ýurdumyzyň örän ähmiýetli arheologik we binagärlik ýadygärlikleri Beýik Ýüpek ýoly bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerde hem-de Orta asyrlarda kerwen ýollary bilen diňe harytlar däl, eýsem, dürli halklar barada maglumatlar hem ýetirilipdir.
Ýurdumyzyň arheologik we binagärlik ýadygärlikleri amala aşyrylýan ylmy-arheologik işleriň netijesinde, täze taryhy tapyndylaryň üstünden barylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerindäki geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan täze tapyndylar ýüze çykaryldy.
Türkmen alymlary tarapyndan Abiwerd galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar ozalky täsin tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Şol gymmatly tapyndylaryň 40-a golaýy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyryldy.
Orta asyr Abiwerd ýadygärliginden ýüze çykarylan täze tapyndylar Döwlet muzeýiniň «Orta asyrlar taryhy» zallarynda Dehistandan, Nusaýdan, Merwden tapylan şular ýaly «simap» gaplary bilen bir hatarda möhüm orun eýeläp, halkymyzyň geçmişdäki taryhyny muzeýleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlarda ösüşlere beslenýän Watanymyzda milli Liderimiziň aladalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmekde we ony dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýar.
Ähli welaýatlarda ýüzlerçe arheologik we binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we olaryň ýagdaýyny seljermek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ýadygärlikler ýurdumyzyň we daşary döwletleriň taryhçy alymlary üçin uly gyzyklanma döredýär hem-de dünýä medeniýetiniň bahasyz gymmatlygy bolup durýar.
Ýusup HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.