NASA Aýa uçmaga taýýarlyk görjek on astronawtyň – alty erkegiň we dört zenanyň saýlanandygyny habar berdi. Geljekki astronawtlar 12 müňden gowrak adamyň arasyndan saýlandy. Bu on adam indi “Artemis Generation” maksatnamasynyň agzasy boldular. “Artemis” ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän adamlary Aýa ibermek üçin niýetlenen kosmos maksatnamasydyr. Ilkinji uçuş senesi 2025-nji ýyla bellendi. Saýlanan astronawtlar Lindon Jonson adyndaky kosmos merkezinde iki ýyl tälim alarlar. IT, “T-38” uçarlarynda uçmagy, robotlar bilen işlemegi we başga-da köp zady bu ýerde öwrenerler. Kanagatlanarly netijeleri gazananlar bolsa doly hukukly astronawt derejesini alar. Saýlanan on adamyň köpüsiniň häzirki wagtda ýa-da ozal ABŞ-nyň Howa güýçlerinde we deňiz flotunda gulluk eden harby tejribesi bar.