Dünýäniň ilkinji ösümlik esasly “COVID-19” sanjymy Kanadada öndürildi. Bu sanjymyň koronawirusa garşy ýokary derejeli goragy üpjün edýändigi bellenildi. Dünýäde “COVID-19”-a garşy sanjymyň birnäçe görnüşi ulanylýan hem bolsa, bu ugurda täze gözlegler hem dowam etdirilýär. Derman senagatynda giňden ulanylýan temmäkiniň bir görnüşinden öndürilen sanjymda koronawirusyň genetiki materiýaly bolmadyk, emma wirusa meňzeýän bölejikler ulanyldy. Sanjymy Kanadanyň “Medicago” kompaniýasy Angliýanyň “GlaxoSmithKline” (GSK) kompaniýasy bilen bilelikde öndürdi. Sanjymyň koronawirusyň ähli ştammlaryna garşy goragy üpjün edýändigi mälim edildi. Tebigy ýagdaýda Awstraliýada ösýän “Nicotina Benthamiana” atly ösümlikden öndürilen sanjym koronawirusyň daşyndaky tikenli proteinlere öýkünip, bölejikleriň öndürilmegini üpjün edýär. GSK kompaniýasy himiki madda bilen immuniteti artdyryp, sanjymyň goragyny güýçlendiripdir.