Sosial-demokrat Olaf Şols Germaniýanyň Bundestagynda GFR-iň täze Kansleri hökmünde kasam kabul etdi.
Germaniýanyň Bundestagynda, 63 ýaşly Sosial-demokrat Olaf Şols ýurduň täze Kansleri wezipesine kasam kabul etdi. Mejlise gatnaşan 707 deputatyň 395-si oňa ses berdi. Şols Germaniýada 16 ýyl hökümet başynda bolan Angela Merkeliň ornuna geçip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dokuzynjy Kansleri boldy.
Saýlawdan soň düzgüne görä, Olaf Şols Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Staýnmeýer tarapyndan wezipä bellenildi. Bu dabara döwlet Baştutanynyň kabulhanasynda geçirildi. Şols soň parlamente gaýdyp geldi. Şu gün onuň hökümetiniň ministrleri belleniler we Ministrler Kabineti ilkinji ýygnagy geçiriler.