8-nji dekabrda Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi.
Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri, şol sanda syýasat, ykdysadyýet, energetika, ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň sanly wideoýüzlenmesinde ýurtlarymyzyň dünýä syýasatynyň iň wajyp meseleleri boýunça pikirleriniň köplenç halatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini, hem-de emele gelen köptaraplaýyn dialogyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen bolup, parahatsöýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini belledi.
Tutuş adamzadyň garşy göreşýän täze ählumumy wehimleri hakynda aýdanynda, Ministr pandemiýanyň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň utgaşdyrylan hereketlerini Türkmenistanyň doly goldaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz alym-lukmanlaryň we bilermenleriň ulgamlaýyn özara gatnaşyklary, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary üçin gerek bolan şertleri döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy döwletimiziň özüniň halkara borçnamalaryny berjaý etmek maksady bilen howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä hem durnukly çemeleşmäni döretmek boýunça tagallalary alyp barýandygyny aýtdy.
Maslahatyň çäklerinde “Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri” atly tegelek stol hem geçirildi.