UEFA Çempionlar Ligasynda Ýewropa Ligasyny ýatladýan toparçada, ýagny “G” toparçada Lill myhmançylykda Wolfsburgy 3-1 hasabynda ýeňip, 2006/07 möwsüminden soň, taryhynda 2-nji gezek 1/8 finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Fransuz klubuna ýeňiş getiren gollary Burak Ýylmaz (11), Jonatan Dewid (72) hem-de Almeida Gomes (78) geçirdi. Toparçada 2-nji ýeri RB Salsburg topary eýeläp, awstriýalylar öz meýdançasynda Sewilýany 1-0 utdy. Ýeke-täk pökgini 50-nji minutda Arinzeçukwu Okafor geçirdi. Şeýlelikde, RB Salsburg taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasynda 2-nji tapgyra çykmagy başardy. Sewilýa bolsa özüniň iň söýgüli ligasy Ýewropa Ligasynda çykyş eder.