Eziz Di­ýa­ry­myz Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň sa­ýa­syn­da ös­ýär. Äh­li ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler tä­ze ösüş­le­re ba­dal­ga bol­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de we mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy da­ba­ra­lan­dy­ry­lan «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýur­du­myz özü­niň ösü­şi­niň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­dy. Mu­ňa şu ýy­lyň 11 aýy­nyň jemi hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly se­na­ga­ty eme­le gel­di we ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­ýär. Şeý­le gu­wan­dy­ry­jy ösüş­ler yl­myň we teh­ni­ka­nyň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň gi­ňiş­le­ýin ula­nyl­ma­gy, pu­dak dü­zü­mi­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my my­na­sy­bet­li ata Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­de köp san­ly çä­re­ler ge­çi­ri­lip, iri me­de­ni we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­lar­dyr des­ga­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Şu ýyl 30 sa­ny iri des­ga­ny ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ri­len bol­sa, ha­ky­kat­da, ola­ryň sa­ny 73-e ýet­di.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ýo­ka­ry, ýag­ny 6,2 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni sak­la­nyp ga­lyn­dy. Şu ýy­lyň ýan­war-no­ýabr aý­la­ryn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da önüm­çi­li­giň ösü­şi üp­jün edil­di. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki dö­wür­de hem iri se­na­gat we ýa­şa­ýyş-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň köp san­ly­sy­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da tä­ze şä­her­çe­ler­dir ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, dynç alyş we sag­lyk mer­kez­le­ri, mek­dep­ler­dir ça­ga­lar bag­la­ry hem-de beý­le­ki des­ga­lar bar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» di­ýen şy­ga­ry­nyň äh­li üs­tün­lik­le­riň göz­ba­şy­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Gün­sa­ýyn ösüş­le­re bes­len­ýän eziz Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler di­ňe hal­ky­myz üçin, her bir ra­ýa­tyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny has-da ýo­ka­ry gö­ter­mek üçin ama­la aşy­ryl­ýar.