Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky (ECB) ýew­ro bank­not­la­ry­nyň ýü­zün­dä­ki şe­kil­le­ri üýt­get­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Hä­zir­ki pul­la­ryň şe­ki­li 20 ýyl tö­we­re­gi wagt bä­ri ula­nyl­ýar. Tä­ze şe­kil­ler 2024-nji ýy­la çen­li kes­git­le­ner. 1999-njy ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Fran­si­ýa­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 11 ag­za­sy ýurt­da ýew­ro pul bir­li­gi­ni dö­ret­mek ka­ra­ry­na gel­nip­di. Şon­dan iki ýyl ge­çen­den soň­ra tä­ze pul bir­li­gi Ýew­ro se­bi­ti diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ýurt­lar­da do­la­ny­şy­ga gi­ri­zi­lip­di. Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky pul bir­lik­le­ri­niň tä­ze şe­ki­li­niň iş­le­nip baş­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Mu­nuň üçin bäs­le­şik hem yg­lan edi­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za bo­lan 27 ýur­duň 19-syn­da – Ger­ma­ni­ýa, Awst­ri­ýa, Bel­gi­ýa, Es­to­ni­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Fran­si­ýa, ni­der­land­lar, Ir­lan­di­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ita­li­ýa, Kipr Res­pub­li­ka­sy, Lat­wi­ýa, Lit­wa, Lýuk­sem­burg, Mal­ta, Por­tu­ga­li­ýa, Slo­wa­ki­ýa, Slo­we­ni­ýa we Gre­si­ýa­da bu pul bir­li­gi ula­nyl­ýar. Şeý­le hem bu pul bir­li­gi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za bol­ma­dyk kä­bir ýurt­lar bi­len bir ha­tar­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýada hem-de beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na de­giş­li uzak ada­lar­da hem ula­nyl­ýar.

Sähra SAPAROWA,
Mary şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň 1-nji derejeli matematika-informatika mugallymy.