Fransiýa bilen Şweýsariýanyň merkezi bankalary tarapyndan alnyp barylýan “Jura” taslamasynyň çäklerinde ilkinji gezek serhetüsti sanly pul geçirimi amala aşyryldy. Şeýlelikde Ýewropada ilkinji gezek sanly walýuta bir ýurtdan başga bir ýurda iberildi. Kriptopul bazarynyň günsaýyn ýaýraýan döwründe adaty pullaryň hem sanly nusgasynyň çykarylmagy üçin tagalla edilýär. Ýurtlaryň merkezi banklary tarapyndan döredilýän sanly walýuta “blockchain” tehnologiýasy esasynda işleýär. Fransiýa bilen Şweýsariýanyň aralygynda kriptopul geçiriminiň ygtybarly ýagdaýda amala aşyrylandygy mälim edildi. Şeýle-de bolsa, bu taslamanyň köpçülige elýeterli edilmegi üçin birnäçe ýyl gerek boljakdygy bellenilýär. Puluň bu görnüşiniň ygtybarlydygy doly subut edilse, adaty pullaryň deregine ulanylyp bilner. Kriptowalýuta smartfonlar arkaly islendik wagtda, islendik ýerden pul geçirimini aňsatlyk bilen amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Öwezgeldi Muhammetgulyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.