Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
- 2021-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky dynç gününi 13-nji dekabra — duşenbe gününe geçirmeli.
- Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.