Super möwsümiň Formula 1 boýunça möwsümiň jemleýji ýaryşy BAE-niň paýtagty Abu-Dabide geçirildi. Ýas Marina adasynda geçirilen 58 aýlawlyk ýaryş diýseň çekeleşikli we dartgynly häsiýeti bilen tapawutlandy. Çempionlyk ugrunda soňky aýlawa çenli göreş alyp baran iki sürüjiniň – Red Bulluň niderland sürüjisi Maks Werstappen bilen Mercedes-iň britaniýaly sürüjisi, 4 ýyldan bäri çempion bolup gelýän Lýuwis Hamiltonyň Abu Dabi Gran Prisine çenli utuklary deňdi. Mundan öň diňe bir gezek, 1974-nji ýylda sürüjiler soňky ýaryşa deň utuk bilen başlapdy. Başgaça aýdylanda, ýaryşy haýsysy beýlekisinden öňdäki orunda tamamlasa, şol hem çempion diýmekdi. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan Werstappen Hamiltona ornuny aldyrsa-da, soňlugy bilen ýene birinjilige dolandy. Ýöne gysga wagtda Hamilton täzeden öňe saýlanmagy başardy. 36-njy aýlawda Alfo Romeo toparynyň italýan sürüjisi Antonio Jowinazziniň ulagyny trassadan aýyrmak üçin wirtual howpsuzlyk ulagy peýda boldy. Şol pursatda Werstappen ulagynyň tekerlerini çalyşdy. Hamilton bolsa dowam etdi. 54-nji aýlawda Williams toparynyň sürüjisi Nikolas Lafitiniň ulagy awariýa uçrady we trassany arassalamak üçin ýaryş howpsuzlyk ulagynyň gözegçiliginde dowam etdi. Pursatdan peýdalanan Red Bull topary Werstappeni ýumşak teker dakmak üçin “pit-stop” nokadyna çagyrdy. Mercedes topary-da Hamiltona giç malumat bereni üçin angliýaly pilot “pit-stop” nokadyna barmady. Trassa arassalananyndan soň, soňky aýlaw üçin ýaryş galan ýerinden dowam etdi. Iki öňdebaryjy sürüji deň derejede täzeden bat aldy. Täze tekerleriniň kömegi bilen öňe saýlanan Werstappen soňky öwrümlerde garşydaşynyň öňe geçmegine ygtyýar bermedi. Netijede, ala baýdaga öňürti ýeten Maks Werstappen Formula 1-iň 72-nji möwsüminiň çempiony bolmagy başardy. Hamiltonyň 4 ýyllyk çempionlygyny soňlan Maks Werstappen utugyny 395,5-e ýetirip, Hamiltondan 8 utuk öňe saýlandy. 24 ýaşyndaky pilot Formula 1-de çempionlyk gazanan ilkinji gollandiýaly sürüji boldy.
Toparlaryň arasynda Mercedes 613,5 utuk bilen birinji ýeri eýeledi. Red Bull 585,5 utuk bilen 2-nji orna mynasyp boldy.