Bir ýarym sagat öň tamamlanan UEFA Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişinde ullakan ýalňyşlyk, uly skandal waka boldy. Bije çekilişiň dowamynda Wilýarrealyň bijesine ilki Mançester Ýunaýted çykdy. Aslynda düzgün esasynda bir toparçada duşuşan iki klub 1/8 finalda bije çekişmeli däldi. Tehniki ýalňyşlyk diýlip beýan edileninden soň, Wilýarrealyň bäsdeşi Mançester Siti boldy. Şeýle-de Atletiko Madridiň bäsdeşleriniň arasynda Mançester Ýunaýtediň ady bolan topjagaz alynmady. Bu bolsa Atletikonyň garşydaşlarynyň arasyndan Mançester Ýunaýtediň aýryldygy diýmek bolýar. Indiki gürrüň bijäniň täzeden gaýtalanyp-gaýtalanmajakdygy barada bolup, ESPN-niň beren maglumatlaryna salgylansak, UEFA-nyň bijäni gaýtadan çekmäge islegi bar.