Italiýada 2035-nji ýyla çenli içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglaryň önümçiliginiň we satuwynyň gadagan edilmegi barada kanun teklibi taýýarlandy. Düzgün güýje giren ýagdaýynda ýene-de 14 ýyldan ýurtda diňe elektrik energiýasy ýa-da wodorod ýangyçly ulaglaryň satuwy amala aşyrylar. Ýurduň daşky gurşaw ministri Roberto Çingolani, Ulag we infrastruktura ministri Enriko Jiowannini we ykdysady ösüş ministri Jankarlo Jorjetti adaty ýangyçly ulaglaryň satuwynyň çäklendirilmegi bilen bagly senenamany taýýarlady. Senenama görä, ýurtda ulag ulgamynda howa goýberilýän uglerod zyňyndysynyň tapgyrlaýyn azaldylmagy göz öňünde tutulýar. Ýük ulaglary we beýleki käbir ulaglara 2040-njy ýyla çenli wagt berildi. «Corriere della Sera» gazetiniň habarynda Italiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň «nol uglerodly» maksadyna ýetmegi üçin ädim ädendigi bellenilýär. Bu düzgün güýje girmegi üçin parlamentde sese goýlar. Eýýäm Ýewropa ýurtlarynyň käbirinde şeýle kanun güýje girdi. Awtoulag öndürijileri bolsa, elektroulag brendleriniň sanyny artdyryp başladylar.