Germaniýanyň «Volkswagen» kompaniýasy Zalsgitter şäherinde batareýa önümçiligi üçin desga gurar. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 2 milliard ýewro özleşdiriler. Önümçilik desgasynda 2 müň 500 iş orny dörediler. Desganyň guruljak ýeri indiki ýylyň birinji ýarymynda belli bolar. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli Ýewropada ýene-de iki sany batareýa önümçilik desgasyny gurmagy maksat edinýär.
Häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň esasy bölegi bolan batareýalar, esasan, Hytaýda öndürilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda Ýewropanyň kompaniýalary hem maýa goýýar.