ABŞ-nyň Braun uniwersitetiniň hünärmenleri “Bubbler” atly enjam döretdiler. Onuň wezipesi koronawirusyň RNK-syny netijeli kesgitlemek we adamyň dem almagy arkaly COVID-19 diagnozyny goýmakdyr. “Bubbler” hassanyň dem alýan wirus bölejiklerinden RNK-syny DNK-a öwürýär. Bu prosese RNK ters transkripsiýasy diýilýär. Bu enjam wirus ştammy ýaly goşmaça maglumatlary bermäge ukyplydyr. Enjamy barlamak üçin ýetmiş sany näsag saýlanyp, olar geçen ýylyň maý aýyndan şu ýylyň ýanwaryna çenli “Rhode Island” keselhanasynda bejergi aldylar. Soňra howanyň nusgasy ýygnaldy. Gözlegleriň netijeleri “SARS-CoV-2”-niň dem alýan howada aňsatlyk bilen tapylyp bilinjekdigini we “Bubbler”-iň dem alyş ýollarynyň şikeslenmegini çaklamak üçin peýdalydygyny ýüze çykardy. Hünärmenleriň pikiriçe, bu enjam koronawirusy has netijeli tapmaga ukyplydyr.