Ispaniýanyň günorta-günbataryndaky Kanar adalaryna degişli bolan «La Palma» adasyndaky wulkanyň işjeň ýagdaýa gelenine üç aýdan gowrak wagt geçdi. Şeýlelikde, «Cumbre Vieja» wulkany bu adada iň uzak wagt ýanan wulkan hökmünde hasaba alyndy. 19-njy sentýabrda atylyp başlan wulkan 1585-nji ýylda 84 günläp ýanan Tehuýa wulkanynyň rekordyny täzeledi. Ýewropa Bileleşiginiň emeli hemra obserwatoriýa programmasy «Copernicus»-yň maglumatlaryna görä, wulkandan häzire çenli 94 million kubmetr lawa çykypdyr. Lawanyň tutýan meýdany wulkanyň töwereginde 1182 gektar ýeri gaplap aldy. Deňizde bolsa 48 gektarlyk dilkaw emele getirdi. Bilermenler wulkanyň ýylyň ahyryna çenli sönjekdigini çaklaýarlar.
Wulkanik häsiýeti bolan Kanar adalarynda häzire çenli iň uzak wagtlap işjeňligini saklan wulkan XVIII asyrda ýanan Lanzarote adasyndaky «Timanfaya» hasaplanýar. Ol alty ýyllap sönmändir. Atlantik ummanyndaky Kanar adalary Ispaniýa degişli bolup, Afrika yklymyna golaýda ýerleşýär. Bu ýerde sekiz sany uly, bäş sany kiçi ada, şeýle hem gaýalyk çykgytlar bar.
Aýjeren HOJAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.