Halkara howa menzilleri geňeşi (ACI) 2021-nji ýylda üstaşyr gatnawlaryň has köp amala aşyrylýan howa menzilleriniň sanawyny ýaýratdy. Sanawda ABŞ-nyň Dallas-Fort Wort halkara howa menzili birinji orny eýeleýär. Tehas ştatyndaky Dallas şäherinden 24 kilometr, Fort Wort şäherinden 29 kilometr daşlykda ýerleşýän bu howa menzilinden bir ýylda 42 müň 640 üstaşyr gatnaw amala aşyrylypdyr. 1973-nji ýylda açylan howa menzili ýolagçylaryň sany, uçuş we gonuş babatda dünýäde üçünji ýerde durýar.
Ikinji orny Denwer halkara howa menzili eýeleýär. ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky howa menziline bir ýylda 35 müňden gowrak uçar düşläpdir. Howa menzili ýolagçylara hödürleýän ýokary hilli hyzmaty üçin häzire çenli birnäçe baýraga mynasyp boldy.
Germaniýanyň esasy söwda we senagat şäheri bolan Frankfurtyň halkara howa menzili üçünji orunda. Bu sanawyň 2019-njy ýyldakysynda birinji ýeri eýelän howa menziliniň işjeňligi pandemiýa döwründe birneme pese gaçan hem bolsa, ilkinji üçlüge girmegi başarypdyr. Howa menzilinde üstaşyr ýolagçylaryň uçaryna garaşýan wagtyny netijeli peýdalanmaklary üçin birnäçe mümkinçilik döredilipdir. Bu ýerde irkilmek we dürli oýunlara güýmenmek hem mümkin. 2021-nji ýylda 25 müňden gowrak üstaşyr gatnawy amala aşyrýan uçar bu howa menziline gonupdyr.
ABŞ-nyň Jeorjiýa ştatynyň esasy şäherindäki Hartsfild-Jekson Atlanta howa menziline 23 müň 822 üstaşyr uçar gonupdyr. Atlanta şäheriniň halkara howa menzili hyzmat edýän ýolagçylarynyň sany babatda dünýäde birinjiligi eýeleýär. 2019-njy ýylda 110,5 million ýolagçy bu howa menzilinden geçipdir.
Deňiz derejesinden iň pesde ýerleşýän Amsterdamyň Shiphol howa menzili sanawda bäşinji ýeri eýeleýär. Niderlandlaryň paýtagtyndaky howa menzili 23 müň 277 üstaşyr uçara hyzmat edipdir. Howa menziliniň çäginde dürli güýmenje desgalary, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen zallar bar.
Sanawda altynjy orny Stambulyň 2019-njy ýylda hyzmata hödürlenen täze howa menzili eýeledi. Bu howa menziline 23 müň 229 üstaşyr uçar gonupdyr.
ABŞ-nyň Illinoýs ştatyndaky O’Hara halkara howa menzili pandemiýadan ozal uçar gatnawlarynyň sany babatda birinji orny eýeleýärdi. Pandemiýa döwründe bu ýerdäki gatnaw 50 göterime golaý azalypdyr. Howa menzilinden şu ýylyň başyndan bäri 17 müň 800 üstaşyr gatnaw amala aşyrylyp, bu ugurda dünýäde ýedinji bolupdyr.
ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatyndaky Şarlot Duglas halkara howa menzilinde 17 müň 706 üstaşyr gatnaw amala aşyrylypdyr.