Mosk­wa-Wla­di­wos­tok şä­her­le­ri­niň ara­ly­gyn­da he­re­ket ed­ýän Trans­si­bir de­mir ­ýol ug­ry ýo­lag­çy gat­na­wy­ny ama­la aşyr­ýan dün­ýä­niň iň uzyn de­mir ­ýol ug­ry ha­sap­lan­ýar. Onuň uzyn­ly­gy 9 müň 200 ki­lo­metr­den hem geç­ýär. Hy­ta­ýyň Iu şä­he­ri bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň Mad­rid şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ýük gat­na­wy­na ni­ýet­le­nen iň uzyn ugur bar. 13 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan bu ugur­dan gat­na­ýan de­mir ýol ula­gy Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Be­la­ru­suň, Pol­şa­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň üs­tün­den ge­çip, Is­pa­ni­ýa bar­ýar. Eý­sem, de­mir ýol ar­ka­ly iň uzak ara­ly­ga haý­sy ugur bi­len gi­dip bol­ýar?
Dür­li ha­bar­la­ry ber­ýän «Red­dit» jem­gy­ýet­çi­lik to­ru­nyň bir ula­ny­jy­sy de­mir ýol ar­ka­ly gi­dip bol­jak iň uzyn ug­ry ha­sap­la­dy. Şo­ňa gö­rä, Por­tu­ga­li­ýa­nyň At­lan­tik um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky La­gos şä­he­rin­den ot­la mü­nüp, gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da ýer­leş­ýän Sin­ga­pu­ra çen­li bar­mak bol­ýar. Bu ara­lyk­da üz­nük­siz he­re­ket ed­ýän ot­ly ýok. Şol se­bäp­li Ýew­ro­pa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­dan baş­lap, Azi­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da ta­mam­lan­ýan bu ara­lygyň dür­li ýurt­la­ryň üs­tün­den geç­ýän­di­gi üçin de­giş­li rug­sat­na­ma­la­ry al­ma­ly bol­ýar. Bu ara­ly­gyň 21 gün­de ge­çi­lip bi­lin­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Pa­riž, Mosk­wa we Pe­kin ýa­ly köp ilat­ly iri şä­her­ler bu ýo­luň ug­run­da ýer­leş­ýär. Bu aja­ýyp sy­ýa­ha­tyň do­wa­myn­da Is­pa­ni­ýa, Pol­şa, Mon­go­li­ýa, Tai­land we Ma­laý­zi­ýa ýa­ly 13 ýur­da ge­ze­lenç edip bol­ýar. Bu ýo­luň ug­run­da gat­na­ýan ot­lu­lar kä­bir du­ral­ga­lar­da gi­je­si­ne sak­lan­ýar. Ozal şeý­le sy­ýa­hat Wýet­nam­da ta­mam­la­nyp, 16 müň 898 kilometr do­wam ed­ýär­di. Soň­ra Sin­ga­pu­ra git­mek üçin ýo­lag­çy­lar Saý­gon­dan Kam­bo­ja­nyň üs­ti bi­len Bang­ko­ga bar­ýan aw­to­bu­sa mün­me­li bol­ýar­dy­lar. Şu ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da Hy­taý bi­len Lao­syň ara­ly­gyn­da Bo­ten-Wýent­ýan de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy bi­len Por­tu­ga­li­ýa­dan Sin­ga­pu­ra çen­li di­ňe de­mir ýol ar­ka­ly git­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di.

Ogul­jen­net BAÝ­MU­HAM­ME­DO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.