Dünýäniň iň uly ýolagçy uçary bolan «Airbus-A380» kysymly uçar özüniň soňky synagyny amala aşyrdy. Bu uçar Gamburg-Finkenwerder howa menziliniň töwereginde degişli synag uçuşlaryny amala aşyrdy. Bu uçuş uçaryň soňky synagy boldy we ol täjirçilik uçuşlary üçin doly taýýar boldy. Uçaryň soňky synag uçuşy üçin özboluşly ugur saýlanyp alyndy. Uçaryň amala aşyran uçuşynyň netijesinde ýüregiň şekili emele geldi. Muny uçarlaryň uçuş ugruny yzarlaýan «FlightRadar24» internet sahypasynda ýerleşdirilen surat hem aýdyňlygy bilen görkezdi. Mart aýyndan bäri bu uçar synag edilýär. Bu uçary şu aýyň dowamynda BAE-niň «Emirates» awiakompaniýasyna tabşyrylar.
Şu «Airbus-A380» kysymly uçar «Airbus» kompaniýasynyň şeýle kysymdaky soňky öndüren uçarydyr. Önümçiligi 2019-njy ýylda ýatyrylan uçar 853 ýolagça niýetlenip, raýat awiasiýa ugrunyň iň uly uçarydyr.
Soňky döwürde «Airbus» kompaniýasy has ýeňil we ykdysady taýdan has amatly uçarlaryň önümçiligine uly üns berýär.
Ýazmyrat MUHAMMETGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.