Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň at-ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gal­ýar, hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­ýän ýurt hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­ny döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ba­bat­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
2021-nji ýyl ta­mam­la­nyp bar­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ýyl­ýaz­gy­sy­na mö­hüm se­ne­le­riň bi­ri hök­mün­de gir­di. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň toý­la­nan ýy­lyn­da «Azi­ýa­nyň mer­je­ni» bo­lan Aş­ga­ba­dyň dö­re­dil­me­gi­niň 140 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nil­di. Ýu­bi­leý ýy­ly­myz­da ama­la aşy­ry­lan be­ýik iş­le­riň was­py­ny ýe­ti­ren «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly gu­wan­dy­ry­jy ösüş­ler bi­len jem­len­ýär.
Ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­le­rin­de yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak, döw­let eýe­çi­li­gi­niň do­la­ny­şy­gy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek ösüş­le­riň ze­rur şer­ti bo­lup çy­kyş ed­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan gör­ne­tin ösüş­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Gur­lu­şyk, se­na­gat, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, söw­da, ne­bit­gaz, ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet we beý­le­ki ugur­lar­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly ýy­lyn­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň esa­sy üns ber­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi bi­len bir ta­rap­dan tä­ze se­na­gat önüm­çi­lik­le­ri dö­re­dil­ýän bol­sa, beý­le­ki ta­rap­dan ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň köp san­ly­sy gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da eda­ra bi­na­la­ry, mek­dep­dir ça­ga­lar bag­la­ry, önüm­çi­lik des­ga­la­ry, ýy­la­dyş­ha­na­lar we beý­le­ki des­ga­lar bar. Ýy­lyň do­wa­myn­da 70-den gow­rak dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, hem-de gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösüş de­re­je­si­ni gör­kez­ýär. Dün­ýä­de yk­dy­sa­dy ba­bat­da kyn ýag­daý­la­ryň do­wam ed­ýän döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ne­ti­je­sin­de, gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gi­ni bar­ha beý­gel­ýär.
Ýu­bi­leý ýy­ly­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da hem oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. Döw­let ta­ra­pyn­dan edil­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wyň ne­ti­je­sin­de üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bug­da­ýyň, ak al­ty­nyň bol ha­sy­ly ön­dü­ril­di. Oba zäh­met­keş­le­ri 1 mil­li­on 400 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý, 1 mil­li­on 250 müň ton­na­dan gow­rak pag­ta ýyg­nap, Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­dy­lar. Bu ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler azyk howp­suz­ly­gy ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­myz­da gal­la­çy­lyk we pag­ta­çy­lyk bi­len bir­lik­de, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk, gök we bak­ja­çy­lyk, mi­we­çi­lik, üzüm­çi­lik ýa­ly pu­dak­lar hem-de oba ho­ja­lyk işi­niň beý­le­ki gör­nüş­le­ri ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär.
Ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hem oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da tä­ze ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry, te­bi­gy se­riş­de­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny gur­mak ba­bat­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry öz­leş­di­ril­ýär. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na hem uly äh­mi­ýet ber­lip, dün­ýä döw­let­le­ri we hal­ka­ra iri kom­pa­ni­ýa­lar bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Mu­ňa Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti bi­len «Ha­zar de­ňi­zin­dä­ki «Dost­luk» ýa­ta­gy­nyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de göz­le­mek, iş­läp geç­mek we öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça gol çe­ki­len Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma» hem aý­dyň su­but­na­ma bo­lup dur­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­mak­da hem-de dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­de te­le­ke­çi­le­riň öňün­de mö­hüm we­zi­pe­ler go­ýul­ýar. Ki­çi we or­ta işe­wür­ler elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek­de we ös­dür­mek­de ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti elekt­ron önüm­le­ri­ni, şol san­da smart-te­le­wi­zor­la­ryň dür­li ky­sym­la­ry­ny ön­dür­ýär hem-de üs­tün­lik­li eks­port ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti LED lam­pa­la­ry, komp­ýu­ter­le­ri, plan­şet­le­ri we yk­jam el te­le­fon­la­ry­ny ön­dü­rip, meş­hur­lyk ga­zan­ýar.
Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň çalt ös­ýän we gel­je­gi uly pu­dak­la­ry bo­lan ulag hem-de ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ulag-lo­gis­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy go­ýul­dy. Bu ul­ga­ma yl­myň iň tä­ze ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri or­naş­dy­ry­lyp, hä­zir­ki za­man de­mir, aw­to­mo­bil, ho­wa ýol­la­ry çe­kil­di. Bu stra­te­gi­ýa­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň Ýew­ra­zi­ýa ulag ul­ga­my­na iş­jeň go­şul­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Ösen yk­dy­sa­dy­ýet­li döw­le­ti­miz­de ýur­du­my­zy tä­ze üs­tün­lik­le­re alyp bar­ýan milli Liderimiziň tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri mun­dan beý­läk hem üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Ata­baý MOM­MY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.