Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk harytlaryndan hem-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi.

Bi­ziň ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik hem-de öza­ra gol­daw ber­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz eýer­mek bi­len, Ow­ga­nys­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­züm­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne düýp­li go­şant goş­ýar, dost­luk­ly döw­le­te aba­dan dur­mu­şyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da yzy­gi­der­li ýar­dam ber­ýär.
Şu ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň bar­şyn­da hormatly Prezidentimiz Ow­ga­nys­ta­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ug­rat­mak ha­kyn­da Buý­ru­ga gol çek­di. Bu res­mi­na­ma goň­şy Ow­ga­nys­ta­na yk­dy­sa­dy, dur­muş we yn­san­per­wer ugur­la­ryn­da ýar­dam hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi ul­gam­la­ýyn we yzy­gi­der­li esas­da do­wam et­mek mak­sa­dy bi­len gol çe­kil­di.
Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, do­gan­lyk ow­gan hal­ky­na Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len dok­ma önüm­le­rin­den, azyk ha­ryt­lar­dan yba­rat bo­lan 1200 ton­na­lyk dür­li mak­sat­ly ýük­le­ri, şol san­da ne­bit önüm­le­ri bi­len dol­du­ry­lan 20 sa­ny de­mir ýol çe­lek­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň ibe­ril­me­gi üp­jün edil­di.
Yn­san­per­wer­lik ýü­kü­ni gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry, ow­gan ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry we­zi­pe­li adam­lar gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­tan­dan ibe­ri­len yn­san­per­wer­lik ýü­ki ka­bul et­mä­ge gat­na­şan goň­şy ýur­duň ila­ty hormatly Prezidentimize tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!» at­ly tä­ze goş­gy ýaz­dy. Milli Liderimiziň ýi­ti ze­hi­nin­den dö­rän bu eser halk­la­ry pa­ra­hat­çy­ly­ga, asyl­ly dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na ça­gyr­ýan öz­bo­luş­ly şy­ga­ra öw­rül­di hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýurt­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li hök­mün­de ka­bul edil­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň düýp­li ede­bi çe­me­leş­me­le­ri Berkarar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de, döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, beý­le­ki döw­let­le­riň içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­lyk, özyg­ty­ýar­ly­ly­ga hor­mat goý­mak, ser­het­le­riň mi­ze­mez­li­gi, mil­le­ti­mi­ziň aja­ýyp däp-des­sur­la­ry eziz Di­ýa­ry­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mi­ze­mez bin­ýat­la­ry­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­me­gi­niň 26 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan döw­let ka­bul ediş­lik­dä­ki çy­ky­şyn­da bel­leý­şi ýa­ly, yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň goň­şy ýur­da ber­ýän yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň hä­zir­ki za­ma­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň oňyn çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len asyl­ly iş­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň goň­şy ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan di­kel­dil­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi­ni, şeý­le hem Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­daý­la­ryň di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar bi­len, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­gy ar­ka­ly çö­zül­me­gi ug­run­da he­mi­şe çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek mö­hüm­dir. Da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň, Ow­ga­nys­ta­nyň Aki­na şä­her­çe­sin­de türk­men ta­ra­py­nyň gol­da­wy bi­len gur­lan tä­ze met­jit­de hem-de Tur­gun­dy şä­her­çe­sin­de sa­da­ka­lar be­ril­di.