Ak Tamyň metbugat sekretarynyň orunbasary Karine Jin-Pýer ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň 2014-nji ýylda prezidentilige dalaşgär boljakdygyny mälim etdi. Ak Tamda geçirilen metbugat ýygnagynda bir žurnalistiň ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harrisiň “Beýden bilen dalaşgärlik barada hiç gepleşmedik” – diýen sözlerini soranda, “Aýdyp biljek ýeke-täk zadym, Baýdeniň 2024-nji ýylda gaýtadan dalaşgär bolmagy maksat edinýändigi” diýip jogap berdi. Jin-Pýer Baýdeniň wise-prezident wezipesine ýene-de de Harrisi belläp biljekdigini hem aýtdy.

Wise-prezident Harris “Wall Street” neşirinde çap edilen söhbetdeşliginde “Beýden bilen dalaşgärlik barada hiç gepleşmedik” diýipdi.