16-njy dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

 Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bu iri syýasy guramasynyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.

Milli Liderimiziň Gutlagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerde bolşy ýaly, syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk özgertmelerini amala aşyrmakda-da uly ähmiýete eýe bolan taryhy ädimleri ädendigi bellenildi.

Çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gö

nükdirilen ýadawsyz we tutanýerli işi netijesinde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny nygtadylar.

Demokratik partiýanyň agzalary amala aşyrylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, partiýanyň hatarlaryna giň gözýetimli ýaşlary çekmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk çäreleri görýärler. Bularyň ählisi ýaş nesliň watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesine, türkmenistanlylary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam edýär.

Forumyň çäklerinde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda mowzuklaýyn sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda döredijilik ussatlarynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda bellenilýän eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan işleri görkezildi.

Şeýle hem Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeňlerini Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.