NASA-nyň “Parker Solar Probe” atly kosmos gämisi Günüň “korona” atly daşky atmosferasyna girdi. Şeýlelikde adam eli bilen döredilen zat Güne has golaý bardy. “Parker” temperaturasy bir million derejeden hem ýokary bolan bu ýerden geçmek üçin ýörite örtük bilen gaplandy. Bu barada Amerikan geofizika bileleşiginiň ýygnagynda habar berildi. “Parker Solar Probe” aprel aýynda Güne sekizinji gezek golaýlanda koronadan geçdi. Alymlar maglumat toplamagyň we şol maglumatlaryň dogrudygyny tassyklamagyň köp wagt alýandygyny belleýärler. Jons Hopkinsiň adyny göterýän uniwersitetinde zähmet çekýän Nur Rauafi munuň “Jadylaýjy ýagdaýda tolgundyryjydygyny” belleýär.
2018-nji ýylda uçurylan “Parker” Günüň atmosferasy diýlip kabul edilýän pes dykyzlykdaky plazmadan ilkinji gezek geçeninde Güne 13 million kilometr golaýlaşdy. Miçigan uniwersitetinde zähmet çekýän Jastin Kasper žurnalistlere beren beýanatynda “Parkeriň” ol ýerde bäş sagat bolandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä bäş sagat biziň üçin köp wagt bolmasa-da, bu wagtyň dowamynda emeli hemra örän uzak ýoly geçipdir. “Parker” sekuntda 100 kilometr tizlik bilen hereket edýär.
Rauafiniň pikirine görä, korona garaşylandan has köp tozanly eken. Geljekde bu barada toplanjak maglumatlar Gündäki ýeliň nähili emele gelýändigini we kosmos giňişligine nähili ýaýraýandygyny bilmäge kömek eder.
Günüň ýüzünde gaty tekizligiň ýokdugy sebäpli korona günde gorizontyň başlaýan ýeri hasaplanýar. “Parker” awgust aýynda koronadan dokuzynjy gezek geçdi emma, munuň bilen bagly maglumatlar doly seljerilmedi. Noýabr aýynda bolsa, onunjy gezek Günüň atmosferasyna girdi. “Parker” 2025-nji ýyla çenli Günüň atmosferasyny girmegini dowam etdirer.
Ýeri gelende bellesek, Gün Ýerden 150 million kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär.
Daýanç Pirişow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.