17-nji dekabrda geçirlen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda uçdantutma ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljek ýylda geçiriljek bu çäräniň baş maksadynyň ilatyň demografiýa düzümi we ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny aýtdy. Bu maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösüşi we rowaçlygy üçin ygtybarly binýady döretmäge mümkinçilik berer. Ýazuwlar geçirilende ozalky ýyllaryň tejribesini, şeýle hem halkara tejribäni peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de wise-premýere bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.