Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkara maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykaran 1515-nji buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky gol çekilen Resminamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna – esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.