TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ BI­LIM MI­NISTR­LI­GI
2022/2023-nji okuw ýy­ly üçin Weng­ri­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi (ba­ka­lawr we ma­gistr) mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça se­çip alyş işi­ni ge­çir­ýär

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistr maksatnamasyna — ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Res­mi iş kagyz­la­ry 2021-nji ýylyň 21 — 30-njy dekabry aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda kabul edilýär:
— Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;
— Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde;
— Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda;
— Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
— Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmen oba hojalyk institutynda.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:
— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— umumy orta ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistr maksatnamasyna dalaşgärler üçin ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň) asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegde 12 sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.
Resminamalary kabul ediş topary, zerur bolan halatynda, dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we se­çip alyş işi 2022-nji ýylyň 5 — 7-nji ýanwary aralygynda:
— Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;
— Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde;
— Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda;
— Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
— Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriler.

Gi­riş sy­nag­la­ry umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (magistr maksatnamasyna dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyndan
söhbetdeşlik) geçirilýär.

Test ýazmaça görnüşde, söhbetdeşlik dilden — Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­ly, 31. Tel.: (+993 12) 946990, 945429.

Balkan we­la­ýa­ty, Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki te­bi­gy ugur­ly ders­le­ri çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 21-nji or­ta mek­de­bi­ň sal­gy­sy: Bal­ka­na­bat ş., 14-nji ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my. Tel.: (+993 222) 20708, 20706.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Ma­ry we­la­ýa­ty, Ma­ry ş., Baý­ram­han kö­çe­si, 62-nji jaý. Tel.: (+993 522) 57502, 57517.

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Le­bap we­la­ýa­ty, Türk­me­na­bat ş., Şaben­de kö­çe­si, 7-nji jaý. Tel.: (+993 422) 34525, 36587.

Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Da­şo­guz we­la­ýa­ty, Da­şo­guz ş., Ruh­na­ma kö­çe­si, 94-nji jaý. Tel.: (+993 322) 93392, 92747.