- Haýsy ýurduň ady himiki birleşmäniň ady bilen gabat gelýär?
- Adatça, himiki elementleriň atlary döwletleriň şanyna dakylýar. Emma, ýurduň ady himiki elementiň şanyna dakylan döwlet hem bar. Ol haýsy döwlet?
- Galogenlere degişli bolan himiki elementleriň biriniň adyndaky harplaryň tertibi üýtgedilende, köplenç organiki dökün hökmünde ulanylýan gaty ýangyjyň ady gelip çykýar. Bu haýsy element?
- Haýsy elemente Gün ulgamyna degişli bolan planetanyň ady dakylan?
- Haýsy himiki elementi Orta asyr alhimikleri “Merkuriý” diýip atlandyrypdyrlar?
- Bu himiki element kümüşsöw-ak reňkli metal bolup, ol himiki elementleriň lantanoidler maşgalasyna degişli. Oňa 1901-nji ýylda Ýer böleginiň şanyna at dakylýar. Gürrüň haýsy himiki element dogrusynda barýar?
- Bu himiki element tebigatda ýaýraýşy boýunça ikinji orny eýeleýär we ýarymgeçiriji madda hasaplanýar. Ol uglerod bilen karborand emele getirýär. Bu haýsy himiki element?
- Dördünji periodda ýerleşýän haýsy elementiň ady arapçadan diline terjime edilende, “ösümligiň küli” diýmegi aňladýar?
- Bu himiki elementiň ady grekçeden terjime edilende “melewşe” diýmegi aňladýar. Bu haýsy element?
Jogaplary
- Butan (C4H10).
- Argentina, latynça; “argentum” bolan kümüşiň şanyna.
- ftor-tort.
- Uran
- Simap
- Ýewropiý
- Kremiý
- Kaliý
- Ýod
Aýjeren Allaýewa,
Türkmen oba hojalyk institutyň mugallymy