Adamyň iň uly baýlygy saglygydyr. Munuň üçin lukmanlar ýönekeý, emma örän wajyp birnäçe maslahatlary berýärler. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryny ýerine ýetirmek bilen siz diňe bir öz saglygyňyzy däl-de, eýsem daş-töweregiňizdäki adamlaryň saglygyny hem gorarsyňyz. Gyş paslynda iýýän hem-de geýýän zatlarymyza ähmiýet bermeli. Bedeni gysyp duran zatlary geýmek maslahat berilmeýär, bedeniň dem almagy üçin rahat egin-eşikleri saýlap almaly. Her möwsümde zerur bolşy ýaly gyş paslynda hem immunitetiň güýçli bolmagy zerurdyr. Munuň üçin paslyň esasy miwedir gök-bakja önümlerinden iýmitlenmeli. Olar mandarin, apelsin ýaly önümlerdir. Günüň gysgalýandygy üçin bedene D witaminine, C witaminine, omega kislotalaryna, magniý, kalsiý we ýod ýaly maddalara zerurlyk duýulýar. Bu maddalary tebigy ýollar bilen kabul etmek has peýdalydyr.
Perhat ESENGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.