98 göterimi buz bilen örtülen Antarktikada geçirilen ylmy barlaglarda täze organizmler tapyldy. Alymlar buz gatlagynyň 200 metr aşagyndan 77 sany täze janly organizmiň görnüşini tapdylar. Germaniýanyň Alfred Wegeneriň adyny göterýän institutynyň hünärmenleriniň geçiren barlagynyň netijeleri barada ylmy makala “Current Biology” žurnalynda çap edildi. Hünärmenler bu ýerde gyzgyn suw ulanmak arkaly iki sany guýy gazdylar. Buzuň aşagyndan tapylan organizmleriň käbiri mundan ozal hem anyklanan bolsa, käbiriniň ilkinji gezek üsti açylypdyr.

Ylmy iş baradaky makalanyň esasy awtory Dewid Barnes aşa kyn şertlerde şeýle köp jandaryň ýaşamagynyň özlerini haýran galdyrandygyny belledi. Makalanyň awtordaşlarynyň biri bolan doktor Gerard Kun kenardan 3-9 kilometre uzaklykda 6 müň ýyldan bäri ýaşaýşyň bolmagynyň mümkindigini belleýär.

Mekan Ýaýlyýew,  

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.