Eýranyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň we Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde elektrik pudagyndaky özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä, taraplar telefon arkaly söhbetdeşlikde iki tarapyň elektrik pudagyndaky gatnaşyklaryna ünsi çekip, elektrik energiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, Eýranyň elektrik harytlarynyň tehniki we inženerçilik hyzmatlarynyň Türkmenistana eksport edilmegi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky elektrik ulgamyny ösdürmek barada gürrüň edildi.
Söhbetdeşler ŞHG-niň Täjigistanda geçirilen sammitinde we Türkmenistanda 15-nji Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda baglaşylan şertnamalaryň doly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.