Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşap, her bir baýramçylygy şatlyk-şowhunly belläp geçmegi üçin uly tagalla edýär we bu babatda ähli mümkinçilikleridir şertleri döredýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwary aralygynda harytlaryň dürli görnüşine isleglerikanagatlandyrmak we olaryň has-da elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, harytlar 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan bahalardan satylýar. Şunuň bilen baglanyşykly «Sahawatly söwda» çäresi guralýar.
Bu çäre Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda-dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda geçirilýär.
Paýtagtymyzda:
— «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Bereketli» bazarly söwda merkezi;
— «Çagalar dünýäsi» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Aşgabat» söwda merkezi;
— «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Paýtagt» söwda merkezi;
— «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi.
Welaýatlarda:
— Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Hazar» söwda
merkezi;
— Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda
we dynç alyş merkezi;
— Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezi;
— Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Ýüpek ýoly» söwda we
dynç alyş merkezi.
“Sahawatly söwda” çäresiniň dowamynda çagalar, erkekler we zenanlar üçin egin-eşikler, çaga oýunjaklary, mekdep harytlary we garyşyk önümler arzanladylan bahalardan ilata hödürlenýär.