Dünýä ýurtlarynda koronawirusa garşy 8 milliard 912 million dozadan gowrak sanjym edildi. Sanjym etmekde 2 milliard 719 million doza bilen Hytaý öňdeligi eýeleýär. Hindistanda bu görkeziji 1 milliard 406 million doza bolupdyr. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda bolsa 727 million doza sanjym edilipdir. Soňky 24 sagadyň dowamynda edilen sanjymyň mukdary 43,1 million doza bolupdyr. Şeýlelikde gündelik urulýan sanjym hem 40 milliondan geçdi.
Häzirki wagtda köp ýurtda çagalar üçin hem sanjym kampaniýasy dowam edýär. Käbir ýurtlarda üçünji sanjym edilýän bolsa Ysraýylda dördünji sanjym üçin kampaniýa başlady.