“SpaceX”-iň öňki inženerleri her 45 sekuntda bir pizza taýýarlaýan robot işläp düzdüler. Geljek ýazda Los-Anjelesde “Stellar Pizza” robot restorany açylar. “Stellar Pizza” 2019-njy ýylyň maý aýynda “SpaceX” -iň öňki üç inženeri Benson Saý, Braýan Langone we Jeýmsom Wahawisan tarapyndan esaslandyryldy. “Stellar Pizza”-nyň baş direktory Saý Elon Muskyň kompaniýasynda bäş ýyl işledi we şol ýerde raketalar we hemra üçin öňdebaryjy batareýa ulgamlaryny döretdi. Soň bolsa ýük awtoulagynyň arkasyna oturdylýan awtomat usulda işleýän pizza enjamyny gurmak üçin “SpaceX” -iň 23-den gowrak işgäri işe alyndy. “Stellar Pizza”n-yň robot enjamy bäş minutdan az wagtyň içinde pizza taýýarlap bilýär. Öýde taýýarlan pizza hamyryny bir zowalasy enjama salnandan soň, maşyn hamyry ýaýyp bişirýär. Bişen hamyra huruşlar we beýleki gerekli harajatlar goşulýar Soňra pizza robot maşyndaky dört sany ýokary temperaturaly peçleriň birine ýerleşdirilýär.