28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň barşynda Sankt-Peterburg şäherinde onuň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky parlamentara hereketleriniň depginine hem aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti we rus parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şol döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky teklip hem beýan edildi.
Zenanlaryň Dialogynyň dünýä syýasatyndaky özara hereketleriň platformasy hökmünde BMG-niň derejesinde hem uly geljeginiň bardygy bellenilip geçildi. Bu ugurda, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assambleýasynyň Zenanlaryň döwlet hem-de halkara işlerindäki işjeňliginiň ýokarlandyrylmagynda Dialogyň ähmiýetini aýratyn öňe çykarýan ýörite kararnamasynyň taýýarlanylmagynyň maksadalaýyklygyny hem nygtadylar.
Gepleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutlady we oňa jan saglygyny hem-de alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.