Gadymy Müsür faraonynyň mumiýalanan bedeni, ilkinji gezek kompýuter tomografiýasy arkaly aýdyňlaşdyryldy. Bu miladydan öň, 1525-nji ýyldan 1504-nji ýyla çenli Müsüri dolandyran Amenhotep I hakda täze maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Şol bir wagtyň özünde-de mumyýanyň nykabyna we saraglaryna el degrilmedi.

Görnüşi ýaly, faraonyň ýüregine degmändirler, ýöne beýleki içki organlary aýrylyp, bedeniniň içi mata saraglary bilen doldurylypdyr.

-Biz onuň 35 ýaşynda aradan çykandygyny anykladyk. Boýy, takmynan, 169 santimetr, dişleri abat we bedeni tumarlar we tylla guşak bilen bezelen. Kelleçanagynyň içinde beýnisiniň saklanandygyny anykladyk, çünki ol mumiýalaşdyrylmazdan ozal aýrylman eken, bu ýagdaý başga mumyýalarda gabat gelinmändi – diýip, Müsüriň ozalky gadymyýet ministri, arheolog Zahi Hawass aýdýar.

Barlag geçirijiler kompýuter tomografiýasy arkaly beýleki galyndylary öwrenmegiň geçmişdäki adamlar hakda has köp zatlary öwrenmäge kömek eder diýip umyt edýärler.