Dünýäniň iň garry zenany 119 ýaşady

304

Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň garry zenany hökmünde ykrar edilen Ýaponiýanyň ýaşaýjysy Kane Tanaka 119 ýaşyny doldurdy. Tanaka häzir Fukuoka prefekturasyndaky garrylar öýünde ýaşaýar. Bu aýalyň COVID-19 bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli garyndaşlary bilen duşuşmaga mümkinçiligi ýok diýen ýaly.

Ýapon zenany 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dünýä indi. Bütin ömrüne çörek dükanynda işledi. 1970-nji ýyllarda Tanaka pensiýa çykyp, birnäçe gezek ABŞ-da boldy.