Amerikan kardiologik assosiasiýasynyň alymlary duz näçe köp ulanylsa, şonça-da ýürek-damar keselleriniň döremek howpunyň ýokary bolýandygyny anykladylar. Barlaglaryň netijeleri «The New England Journal of Medicine» žurnalynda çap edildi. Lukmanlar 50 ýaşlaryndaky 10 müňden gowrak gatnaşyjyda barlag geçirdiler. Barlaglara zenanlar we erkek kişiler deň derejede gatnaşdylar. Ýygnalan maglumatlaryň seljermesi esasynda ýürek-damar kesellerine uçranlaryň 571-siniň natrini aşa köp, kalini bolsa az ulanandygy belli bolupdyr.
– Iýmitdäki duzuň mukdarynyň artdyrylmagy ýürek keselleriniň döremek howpuny 18 göterim ýokarlandyrýandygy belli boldy – diýip, Garward uniwersitetiniň jemgyýetçilik saglygy mekdebiniň barlag geçirijisi Ýuan Ma aýtdy. Hünärmenler gündelik zerur natriniň howpsuz mukdarynyň kabul edilmegini kesgitlemek üçin has anyk barlaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.
Leýli Bagtyýarowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň talyby.