Dünýäniň iň köp ulag öndürýän kompaniýasy bolan “Toyota” 2025-nji ýyla çenli ulaglaryň özbaşdak hereket etmeklerini üpjün edýän amaly ulgamy işläp taýýarlar. “Nikkei” neşiriniň habaryna görä, bu ulgam “Subaru” ýaly beýleki hyzmatdaşlaryna-da hödürlener. Habarda awtonom ulag tehnologiýasynyň geljekde geçilmeli esasy sepgitleriň biridigi bellenilip, işlenip taýýarlanjak programmalaryň, elektrik energiýasy bilen işleýän motorlaryň we batareýalaryň, şeýle-de ulagyň içindäki güýmenje we nawigasiýa hyzmatlaryna goldaw berýän amallaryň geljek ýyllarda ähmiýetini artdyrjakdygy aýdylýar.
“Toyota”-nyň awtoulaglar üçin programma üpjünçilik platformasy bolan “Arene” şereketi tarapyndan işlenip taýýarlanar.